Nothing Special   »   [go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Knut Hamsun

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Knut Hamsun (1939)

KNUT HAMSUN

Knut Hamsun (08/1859-02/1952) norweg ýazyjysy bolup onuň eserleri 1920-nji ýylda edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp görüldi. Onuň 70 ýyldan gowrak döredijilik işjeňligi öz eserlerinde tema taýdan, garaýyş taýdan hem-de giňişlik taýdan köpdürliligi özünde jemleýär. Onuň 20-den köp romany, goşgular ýygyndysy, esseleri, käbir gysga hekaýlary we piýesalary, şeýle hem ýol ýazgylary çap edildi.

Ýaş Hamsun realizm we naturalizm akymlaryna garşy gidýärdi. Ol häzirkizaman edebiýatynyň esasy ugry we maksady adamoglunyň aňy bolmaly diýen pikiri öňe sürýärdi. Ýagdaý şeýle bolan halatynda ýazyjy “damarlardaky ganyň pyşyrdysyny, süňňümiziň iňňildisini” halka ýetirip biler diýýärdi. Hamsun 20-nji asyryň bosagasyndaky Neo-romantik öwrülşigiň sakasyndaky şahsyýet hasaplanýar. Onuň “Hunger” (Açlyk), “Mysteries” (syrlar), “Pan” we “Wiktoriýa” atly eserleri munuň şeýle kabul edilmegine esas döretdi. Onuň soňky döredijiligi (aýratynam Nordland eseri) “täze norweg realizminiň” täsiriniň astynda galandygyny görkezýär. Ol bu eserinde Norwegiýanyň çetgi obalaryndaky gündelik durmuşy gürrüň berýär we eseriň maňzyny ýerli dialketler, ýaňsytmalar we ýumor düzýär.

Hamsun soňky ýüz ýylyň içinde dörän “iň täsirli we döredijilik taýdan täzeçil ýazýan” görnükli ýazyjy hasaplanýar. Ol, adam psihologiýasyna ýykgyn edýän stilde ýazylan eserleriň öňbaşçysydyr. Eserleriniň içinden eriş argaç bolup geçýän “huş akabasy (aňyň akgynlylygyny)” we “içgi monologlar” öz täsirliligi bilen tapawutlanyp onuň işleri Tomas Man, Frans Kafka, Maksim Gorki, Stewan Swaýg, Genri Miller, German Ges we Ernst Hemigweý ýaly dünýä belli ýazyjylara ylham çeşmesi boldy. Isaak Başewiç Singer Hamsun barada “subýektiwlik taýdan, eserlerindäki giňişlik taýdan, lirika taýdan umuman hemme taraplaýyn häzirkizaman edebiýatynyň atasy” diýip aýdýar. 20-nji asyryň çeper edebiýaty tutuşlygyna diýen ýaly Hamsundan gönezlik alýar. Ernest Hemingweý “maňa nädip eser ýazmalydygyny Hamsun öwretdi” diýýär.

2009-njy ýylyň 4-nji awgustynda Hamaroý şäherinde Knut Hamsun merkezi açyldy. 1916-njy ýyldan bäri onuň işleri kino sungatynda ulanylýar.

Ýelharaz © 2013 www.yelharaz.com Archived 2013-05-11 at the Wayback Machine