Nothing Special   »   [go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Mehmet V

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Höküm sürdi: 27.05.1909 – 3.07.1918

Özünden öň: Abdulhamid II

Özünden soň: Wahideddin Mehmet VI

Ýurdy: Osmanly hökümdarlygy

Kakasy: Abdulmejit

Ejesi: Güljemal hatyn ependi

Doguldy: 02.11.1844. Stambul

Ölümi: 03.07.1918 (73 ýaşynda) Stambul

Dini: Yslam

Mehmet Reşat V ýa-da Mehmet Reşat (doguldy: 1844-nji ýylyň Noýabryň 2-sine Stambulda. Öldi: 1918-nji ýylyň 3-nji iýulynda Stambulda) Osmanly hökümdarlygynyň 35-nji patyşasy we 114-nji yslam halyfy. Soltan Reşat hem diýlipdir[1].

Mahmyt II agtygydyr. 18 ogly we 24 gyzy bolan Soltan Abdulmejidiň 3-nji ogly. Ejesi Güljemal hatyn ependidir. Gadymy Çyragan saraýynda doguldy. Ejesi Güljemal hatyn ependi ölen wagtlary Mehmet Reşat 7 ýaşyndady. Çagalygy patyşa kakasynyň ýanynda geçdi. Okuwyna kän üns berilmedi. Kakasy we agasy Soltan Abduleziz zamanynda erkin we rahat şeýhzadalyk etdi. 1872-nji ýylda başhatyn Kamuresa öýlenip maşgala gurup Osmanly şeýhzadalarynyň arasyna girdi. 1876-1909-njy ýylda agasy Abdulhamid II döwründe äht etmegine garamazdan Dolmabakja saraýynyň weliäht öýünde tussagly ömür sürmäge başlady. Äht edileni üçin dowamly gözastynda saklanýardy. Kä wagtlar Balmumçy ekerançylygyna gitmegine rugsat berilýär eken. Emma kişiler bilen görüşmesi we Stambulda gezmegi gadagan edilipdi. Gözleriniň mawy bolandygy üçin Mehmet Reşada göz degme ähtimallygyndan gorkan agasy Abdulhamid II oňa kişiler bilen garşylaşmazlygy we görüşmezligi düşündürdi. Uzak günlerini haremhanada geçirýär eken. Dürri And, Mihrengiz atly hatynependiler we Zyýaeddin, Nejmeddin, Omar Hilmi atly şeýhzadalary onuň aladasyny edip terbiýeläpdirler. Pars edebiýatyna Möwlewilik gürruerine we aýatynam Mesnewä ýakyndan gyzyklanma bildirýärdi. Şygyr, goşgy we beýleki kitaplary hem okar eken[2]. 1908-nji ýylda ikinji Meşrutiýetiň yglan edilmeginden soňra Weliäht edilip protokol «Döwletu Nejabetu Welahdi saltanat Reşat Ependi hezretleri» derejesi berildi. Güler ýüzi we mylaýym bakyşy bilen halkyň söýgüsini gazandy. Onuň bu bolşundan gaharlanan Abdylhamyt II oňa ýyldyz nyşany berjek bolup çagyran çakylygynda onuň ýakasyndan «Bu işler seň kelläň astyndan çykýar» diýipdir[2].

Hökümdar bolmaklygy

[düzet | çeşmäni düzet]

31-nji Martdaky hadysadan soňra 1909-njy ýylda Abdylhamyt II Milli Mejlisi tarapyndan tagtdan indirildi we 65 ýaşynda bolan weliähti Reşat Ependi Ittihat we Terakki hemgyýetiniň goldawy bilen tagta çykdy. Soltanlykda «Reşat» adynyň tutulmazlygyny we «Mehmet» adynyň tutulmagyny karar berdi. Bu at Ferik Sami paşşa tarapyndan maslahat berildi. Ýagny.taryhdaky ata-babasy bolan Fatyh Soltan Mehmediň Stambula goşuny bilen girendigini ýatlap adyna şol at bilen ýüzlenmegini isläpdir. Patyşalyga Milli mejlis karary bilen çykarylmagyna garamazdan Osmanly hanedanlygynyń «Ekber öwlady» ady bilen patyşalygy dolandyrýardy[2]. Deňizde gämide aýlandy. Harby gämileriň toplarynyň oky ony gorkuzdy. Sirkeçiden Beýazyta tarap soltanlyk paýtuny bilen çykdy. Ýoluň iki tarapynda Stambullylar tarapyndan garşy alyndy. 1909-njy ýylyň 5-nji Maýynda Abdylhamydyň iň soňky sadrazamy Ahmet Towfyk paşşa Ittihat we Terakki jemgyýetiniň agzalarynyň sütemi bilen ýüz dönderdi we täze hökümete Hilmi paşşa sadrazamlyga geldi. Soltan Mehmet V öz soltanlyk paýtuny bilen şäheriň köçelerinde goragsyz halda aýlanyp halka güler ýüz, mähir paýlady. Ol tagta geçeni bäri birnäçe özgertme işlerini geçirdi. Patyşalyk paýtunyny täzeletdi we täze atlary satyn aldyrdy. Seýisçilere we arabaçylara täze lybaslar taýýar edildi. Kortej protokoly bilen paşşanyň ýanynda ynamdar esger Ahmet Muhtar paşşa oturdy[2] Soltan Abdylhamydyň patyşalygy döwründen soň kyn günleri başyndan geçirendigi üçin döwlet işlerini dolandyryp bilmän ýaşy hem 65-e gelipdi. Şol sebäpden Ittihat we Terakki partiýasynyň Enwer paşşa, Talat paşşa we Jemal Paşşa dagylaryň elinde galypdy. Bu liderler bolsa täze patyşany örän gowy görýändiklerini bildiripdirler. Teňňelerde onuň adyny göterýän «Reşat Altyny» zikgelendi. Anadolynyň birnäçe umumy ýaşaýyş jaýlaryna, Birnäçe Stambuldaky merkezlere «Reşadiýe» ady berildi. Mehmet V soltanlyga gelen wagtlary günäkärleriň dar agaçlarda asyljakdygyny karar beripdir. Ilki başda bu kararlara özi garşy çyksada, soňra muny kabul etmäge mejbur bolupdyr. Şäher halky meýdanlarda gurulan günäkärleriň jesetleri Stambul köçelerinde synlamaga başladylar[4]. 1909-njy.ýylyň dekabryň 29-na Ittihat we Terakki topar agzalarynyň döwlet işlerine dowamly goşulmaklaryndan närazy bolan Sadrazam Hüseýin Hilmi paşşa işinden ýüz öwürdi. Ýerine Rim sepiri bolan Ybraýym Hakky paşşa wezipä bellendi we 1910-njy ýylyň ýanwaryň 12-ne täze hökümetini gurdy. Bu hökümetiň has hem erkin boljakdygy göz öňüne tutulupdy, emma ýene Ittihat we Terakki toparynyň liderleri Mahmyt Şewket paşşanyň eline geçdi[2] 1911-nji ýylyň fewralyň 6-syna döwlet edarasynyň merkezi Baba Alyda ýangyn döredi, Sadrazamlyk bilen Harijiýe nazaryýetleri abat çykarlyp, Şuraýy döwlet, Dahylyýe nazarýeti, Poçtaçy, Beglikçi, Sadaret galam eserleri Wakanuwisler hemmesi ýangyn içinde galdy. Mehmet V bu ýangyna gaty gynanypdyr. Hemme zadyň puja çykjakdygyna özi göz ýetiripdir[4]. 1911-nji ýylda Mehmet V öňki Fransuz imperatory Eugeni we ýazyjy Pierre Lotini garşy aldy[2]. 1911-nji ýylyň 5-nji Iýunynda Soltan Mehmet deňizden «Barbaros» bilen Rumeli gezmäge başlady. 26-njy Iýunda Stambula döndi[2].

Trablusgarp söweşi

[düzet | çeşmäni düzet]

Birleşmekde beýleki Ýewropa döwletlerinden örän gijä galan Italiýa koloniýal ýaryşlara goşulşyp Demirgazyk Afrikada Osmanlylaryň agalygyndaky topraklary ýagny Trablusgarpa göz gyzdyrdy. Ýewropa döwletleriniň bir agyzdan goldamagy bilen Italiýa Osmanly döwletine bir çykyşda Trablusgarp şäheriniň özygtyýarlygyny bermekligini isledi. Emma onuň bu çykyşy kanagatlandyrylman soň Trablusgarpa we Bingaza çozup girdi (1911). Şeýdip Trablusgarp söweşi bolup geçdi. 1911-nji Sentýabryň 29-na Trablusgarpyň Italiýalylaryň eýelemegi bilen sadrazam Ybraýym Hakky paşşa hökümetden ýüz öwürdi. Soňra 8-nji gezek Mehmet Seýit paşşalyga geçdi. Hökümet bilen mejlisiň arasynda düşünişmezlik yüze çykdy. Mehmet Seýit paşşa 30-njy dekabrda işini taşlady we Mejlisi ýapyk diýip yglan edilmegi üçin Mehmet V gyssady we 1912-nji ýylyň 18-nji Ýanwarynda Mejlisi Mebusan ýapyldy we Stambulda eziji dolandyryjylyk yglan edildi. 1912-nji ýylyň Iýulynda Italiýa Osmanly döwletini ýaraşyk baglaşmaga mejbur etmek üçin Çanakgalada Osmanly harby tehnikalaryny topa tutdylar. Esasanam Egeý deňzindäki 12 sany ada esgerleri döküldi. Mustapa Kemal we Enwer beg Trablusgarpa geçip Derne we Tobrukda duşmany yza serpikdirjek bolýardylar. Balkan söweşleriniň başlanmagy netijesinde Italýanlar bilen ýaraşyk baglaşyldy we Trablusgarp söweşi şonluk bilen tamamlandy. Uşi şertnamasyna laýyklykda bolsa Trablusgarp we Bingazi Italiýa berildi. 12 ada Gresiýa çozmazlygy üçin Italiýanyň elinde galdy. 1912-nji ýylda Arnawatlaryň ýörüş hereketleri başlandy.

1-njy we 2-nji Balkan söweşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Garaşsyzlyga göz açan döwletler Osmanly döwletinden Balkanlary çykarmak isleýän Bolgariýa, Serbiýa, Gresiýa we Garadag Trablusgarp söweşiniň yz ýany Balkan söweşini başlatdylar. Russiýanyň çozmazlygyna ynam bildiren Osmanly hökümdarlygy goşuny olara tarap gönükdirdi. I Balkan söweşinde birnäçe ýerlerde birden çozuş hereketlerine garşy göreşmäge mejbur bolan Osmanly döwleti agyr ýeňlişe sezewar boldy. Bolgarlar Çatalja çenli ilerlediler. Grekler Selanigy basyp aldylar. Arnawutlyk hem garaşsyzlygyny yglan etdi. II Balkan söweşi Osmanly döwletinden alynan topraklaryň özaralarynda paýlaşanlarynda düşünşmezlik emele geldi. Serbiýa, Gresiýa we Ruminyýa, Bolgariýa garşy söweşe başlady. Osmanly döwleti bu pursatdan peýdalanyp Bolgariýa söweş yglan etdi. Osmanly goşuny taryhy şäher Edirnäni gabaw astyna alanyndan soňra Meriçe çenli ilerläp kän bir Ýewropalylaryň beýleki hereketleriniň öňünden çykmak islemediler. II Balkan söweşiniň soňunda Stambul şertnamasy bilen Edirne we Kyrklar ili Osmanly döwletine gaýdyp berildi. Iki döwlet arasynda Meriç derýasy serhet boldy.

1-njy jahan urşy

[düzet | çeşmäni düzet]

Osmanly döwleti 1-njy jahan urşunda Germaniýa goşuldy. Osmanly döwleti I jahan söweşinde birnäçe ýerlerde söweş alyp bardy. Çanakgala söweşinde garşylyk görkezen Osmanly esgerleri mertlerçe durdylar. Ýöne bu hem gutarnykly ýeňiş däldi.

Mehmet Reşadyň soltanlygy 9 ýyla çekdi. 1918-nji ýylyň Iýul aýynyň 3-ne ýürek ýetmezçiliginden wepat boldy. Onuň jesedi Kemaleddin begiň salyp beren Eýýupdaky Soltan Reşat türbesinde ýerleşdirildi.

Maşgalasy, Aýallary we çagalary

[düzet | çeşmäni düzet]

Kamres baş hanymy

Dürri and ikinji hanymy

Mihrengiz ikinji hanymy

Näzperwer üçünji hanymy

Dilfirib dördünji hanymy

Ogullary

Şeýhzada Mehmet Zyýaeddin Ependi

Şeýhzada Mehmet Nejmeddin Ependi

Şeýhzada Omar Hilmi Ependi

1. ^ Aýdemir, Şewket Süreýýa (2005 9.bas), Makedoniýadan Orta Aziýa tarap Enwer Paşşa (1908-1914),Stambul: Remzi, ISBN 975-14-0396-0,

2. ^ a b c d e f g h i j k l Sakaogly, Nejdet (1999) Bu Mülküň Soltanlary, Stambul:Oglak, ISBN 875-329-299-6 say.486

3. ^ Häzirki Stambul uniwersitet binasy.

4. ^ a b c d e Uşaklygül, Halit Zyýa (2012 ilkinji basgy ), Saraý ve Arkasy, Stambul: ISBN 9-754-47176=2

5. ^ Aly Şükri Çoruk, 100. Ýyl döwründe Bir Gazetçi kastedilşigi.