Deňiz Kirpisi
Deňiz Kirpisi | |
, | |
Taxon name | Echinoidea |
---|---|
Taxon rank | class |
Parent taxon | Echinozoa |
Taxon common name | Zee-egels, sjøpiggsvin |
Described by source | Armenian Soviet Encyclopedia, Small Brockhaus and Efron Encyclopedic Dictionary, Brockhaus and Efron Encyclopedic Dictionary, New Encyclopedic Dictionary, Great Soviet Encyclopedia (1926–1947), Meyers Konversations-Lexikon, 4th edition (1885–1890), Encyclopædia Britannica 11th edition, New International Encyclopedia, Ottův slovník naučný |
Commons gallery | Sea urchin |
Commons category | Echinoidea |
Topic's main category | Category:Echinoidea |
Echinoidea |
Deňiz kirpileri şarşekilli, hekden iňňeli, deňizleriň düýbünde ýaşaýan, az hereketli, ululygy diametri boýunça 2-3 sm-den çaga kellesiniň ululygy, ýagny goşa ýumruk ýaly ululyga çenli bolýar. Kirpiler duzy has köp bolan deňizlerde ýaşaýarlar, şoňa görä-de olar Kaspi, Gara, Baltik deňizlerinde ýaşap bilmeýärler. Kirpiniň elleri bolmaýar, aboral tarapy oral tarapyna garanda gowşak ösüpdir. Onuň oral tarapy ýasy, aboral tarapy bolsa güberçek bolýar. Kirpiniň skeleti ýyldyzyň skeletine garanda güýçli ösen. Kirpiniň diňe agzynyň we anal deşiginiň töweregi ýumşakdyr, bedeniň galan ýerleri hekden biri-birleri bilen birleşen plastinkalar bilen örtülen. Beden üstünde örän köp sanly tümmejikler bolup, olara iňňeler berkeýärler. Adatdaky iňňelerden başga-da biri-birleri bilen birleşen, uçlary çeňňeklije, hereketli iňňeler bolýarlar. Olar beden ýokarsyndaky anusy ekskrementlerden arassalamkda ulanylýarlar. Bu iňňelere pedisellýariýalar diýilýär. Başga bir pedisellýariýalar zäherli bolup, goranyşda peýdalanylýarlar. Zäherli wekili: Asthenosoma. Deňiz kirpileriniň agyz boşlugynda Aristoteliň apparaty bolup, ol 25 sany plastinkalardan we olary birleşdirijilerden durup, iýmitlikleri çeýnemekde peýdalanylýar. Kirpiler ösümlikler we organiki maddalar bilen iýmitlenýärler. Olaryň derilerinde bäş jübüt žabralary bolup, demi olaryň üsti bilen alýarlar. Gan aýlanyşy, nerw sistemasy, bölüp çykaryş prosesi deňiz ýyldyzlarynyňky ýaly. Gözleri bäş sany bolup, oral tarapynda ýerleşýärler, gözler örän sada bolýar. Kirpiler aýry-aýry jynsly. Spermatozoidler we ýumurtgalar suw sredasyna çykarylýarlar hem şol ýerde ýumurtgalar osoblaryň gatnaşmazlyklarynda tohumlanýarlar. Deňiz kirpiler klasy iki sany kiçi klasa bölünýär. I kiçi klas. Dogry gurluşly kirpiler (Regularia). Adatdaky şarşekilli, iňňe bilen örtülen, anal deşigi aboral merkezinde ýerleşýän kirpiler degişlidirler. Wekilleri: Strongylocentrotus; Echinus-iýilýän iri kirpiler, Heterocentrolus, diadem kirpisi-Diadema-bu kirpiniň iňňeleri 30 sm-e çenli uzynlykda bolýar, iňňeleriň içi zäherli. II kiçi klas. Nädogry gurluşly kirpiler (Irregularia). Nädogry gurluşly kirpileriň şekili şara meňzeş, anal deşigi aboral tarapynyñ merkezinde ýerleşmeýär, anal deşigi anus tarapda bolýar. Kirpiler palçyklaryň we çägeleriň üstünde ýaşaýarlar we az hereket edýärler. Wekilleri: Clypeaster; Spatangus; Rolula augusta.